Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleri ulag hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

23:0111.03.2021
0
3733
Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleri ulag hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň şeýle-de ulag ulgamynda iş alyp barýan döwlet agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň degişli agentlikleriniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň hem-de beýleki maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar ulag hyzmatdaşlygyny berkitmek, şol sanda serhetden geçiş tertiplerini ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak bilen bagly pikir alyşdylar. Duşuşugyň dowamynda, şu ýylyň 19-njy we 22-nji fewraly aralygynda hünärmenler derejesinde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça taýýarlanylan sanitar-epidemiologiki nukdaýnazaryndan howpsuz synag ulag-üstaşyr kerwenleriniň ýola goýulmagy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işiniň kämilleşdirilmegi we ýurdumyzda ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy baradaky maslahatlara garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň