Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüni döretmek baradaky işler jemleýji tapgyrda barýar. Bu barada türkmen tarapynyň «Tatneft» söwda we tehniki öýüniň wekilleri bilen geçiren onlaýn gepleşiklerinde hem pikir alyşyldy.
Gepleşiklere Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow hem gatnaşdy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň öndürijilikli häsiýetini, sebitleriň ähli ugurlary boýunça ösüş mümkinçiliginiň bardygyny bellediler.
Türkmenistanyň Söwda öýüniň Kazandaky işi arkaly içerki kärhanalaryň önümlerini Russiýa bazaryna çykarmak, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksat edilýär.