Soňky habarlar

Arhiw

Wepa Jumaýew Gomeliň «Lokomotiwiniň» düzüminde «Dinamo» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy

09:4309.03.2021
0
5826

Türkmen hüjümçisi Wepa Jumaýew Gomel şäheriniň «Lokomotiw» futbol toparynyň düzüminde Minskiň «Dinamosy» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy.

6-njy martda Minsk şäherindäki «Dinamo-Ýuni» stadionynda geçirilen duşuşykda Gomel şäheriniň topary 0:5 hasabynda ýeňildi.

Häzir Gomel döwlet tehniki uniwersitetinde okaýan 20 ýaşly hüjümçi hüjümçi ýurdumyzda «Köpetdagyň» düzüminde hem futbol oýnapdy. Onuň soňky topary Rogaçýow şäheriniň «Dnepri» boldy. Ol ozalky toparynyň düzüminde Belarusyň ikinji ligasynda 12 duşuşyga gatnaşyp, bir gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň