Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda köp çagalay eneleri hormatlamak dabarasy geçirildi

23:4807.03.2021
0
4427
 Türkmenistanda köp çagalay eneleri hormatlamak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerini hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy.  

Köp çagaly eneleriň “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolmagy olaryň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlarynyň ykrarnamasydyr, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşandynyň tassyklanmasydyr.

Köp çagaly maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde sekiz we şondan köp çagany ösdürip ýetişdiren eneleri hormatlamak, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hem-de köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň