Gökdepe etrabynyň häkiminiň täze orunbasary bellenildi

22:1207.03.2021
2
13107

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýgözel Muhammetdurdyýewna Gurbangeldiýewa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Milletiň Lideri şu ýylyň 1-nji martynda etrap häkiminiň ozalky orunbasary Güljahan Allaýewany işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşadypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň