Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýgözel Muhammetdurdyýewna Gurbangeldiýewa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Milletiň Lideri şu ýylyň 1-nji martynda etrap häkiminiň ozalky orunbasary Güljahan Allaýewany işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşadypdy.