Arhiw

Aşgabatda milli itşynaslyk ýörelgelerini ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirildi

23:5802.03.2021
0
6246

Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi.

Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary we beýleki çeper eserler görkezildi.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow öz çykyşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk seçgiçiliginiň we häzirki zaman dünýä ylmynyň usullaryny ulanmak arkaly alabaýlary ulgamlaýyn esasda köpeltmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň çäklerinde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini saklamagyň we wagyz etmegiň bu düzümiň işiniň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen alabaýlarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda bar bolan gorag itleriniň hatarynda öňdäki orunlara mynasypdygyny nygtadylar. Şeýle hem çykyş eden hünärmenler we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Weterinar lukmançylygy” fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynda täze hünäriň — kinologiýa hünäriniň açylandygyny, talyplaryň bu hünäri ilkinji gezek özleşdirmek boýunça degişli bilim alýandyklaryny nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň