Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-niň işgärlerine wiza düzgünlerini ýeňilleşdirýär

22:5228.02.2021
0
37654

2021-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap: 

  • Birleşen Milletler Guramasynyň rugsatnamalarynyň (pasportlarynyň) eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň çägine gelen gününden başlap, 30 (otuz) senenama güni möhlete çenli wizalary resmileşdirmezden Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga, ondan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berildi;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň ýa-da onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärleri bolan daşary ýurt raýatlary we olaryň maşgala agzalary Türkmenistanda iş alyp barýan döwrüniň dowamynda wiza resmileşdirmekden boşadylýar. 

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Daşary işler ministrligi ýokarda beýan edilenler barada Birleşen Milletler Guramasyna habar berer. 

Şeýle hem Daşary işler ministrligi, Döwlet migrasiýa gullugy, beýleki degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berer.

Bu resminama Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we 1946-njy ýylda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakyndaky Konwensiýasyna laýyklykda, bu guramanyň işgärleriniň Türkmenistana gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň