Soňky habarlar

Arhiw

«Ýylyň zenany» we «Talyp gözeli ― 2021» bäsleşikleriniň jemi jemlener

23:5726.02.2021
0
10009

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanda «Ýylyň zenany» we «Talyp gözeli — 2021» bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hökümetiň anna güni geçirilen mejlisinde habar berdi.

Şeýle-de, bu baýram mynasybetli, Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda konsertleri, dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirildi. Köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak we ähli amatlygy bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçiriler.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zenanlaryň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bolar. Söwda-senagat edarasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň