Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň 10-njy mejlisi geçirildi

23:4926.02.2021
0
3281
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň 10-njy mejlisi geçirildi

Şu gün Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň 10-njy mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyga şeýle-de pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Ý.Nazarow ulag, infrastruktura, oba hojalygy hem-de azyk senagaty ulgamlarynda, şeýle-de ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. 

Şeýle-de ikitaraplaýyn türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ýygjamlaşdyrylmagy babatynda özara gyzyklanma döredýän meseleleriň ençemesine seredilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly hereketler deň hukuklylyk, özara hormat goýmak we goldaw bermek ýaly ygtybarly ýörelgelere esaslanýandyr.

Bu ugurda agrposenagat toplumy, maşyngurluşyk, dokma we ýeňil senagaty, gurluşyk pudagy, ulag-kommunikasiýa we beýleki birnäçe ulgamlar boýunça işewürlik gatnaşyklaryň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar söwda-ykdysady ulgamynda, şonuň ýaly-da özara söwda dolanşygynyň ösdürilmegi babatynda bilelikdäki hereketleriň ýygjamlaşdyrylmagyna itergi berjek takyk hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar we bu babatda ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler. Eksport-import amallarynyň giňeldilmegi, harytlaryň we hyzmatlaryň sanynyň artdyrylmagy boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Iki ýurduň söwda öýleriniň işlemeginiň oňyn tejribesi hem bellenilip geçildi.

Mejlisiň dowamynda şeýle-de Belarusda öndürilýän ýük ulaglaryny we awtobuslary, oba hojalyk tehnikalaryny, lift enjamlaryny Türkmenistana ibermek baradaky teklipler beýan edildi. Aşgabatda belarus tehnikasyna hyzmat edýän merkeziň işlemeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek bilen, taraplar bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugry boýunça özara hereketleriň mundan beýläk hem has-da ilerledilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň 10-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň