Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň futbol çempionatynyň täze möwsümine 13-nji martda badalga berler

19:3326.02.2021
0
2137
Gazagystanyň futbol çempionatynyň täze möwsümine 13-nji martda badalga berler

Gazagystanyň profesional futbol ligasynyň resmi saýty ýurduň çempionatynyň täze möwsüminiň senenamasyny paýlaşdy. Onda görkezilişi ýaly, möwsüme 13 ― 14-nji martda geçiriljek 1-nji tapgyryň duşuşyklary bilen girişiler.

Bu ýyl Gazagystanyň çempionatyna bir ildeşimiz ― Ruslan Mingazow gatnaşar. Ol ýakynda «Kaspiý» futbol topary bilen şertnama baglaşypdy. Senenama görä, «Kaspiý» 1-nji tapgyrdaky duşuşygyny 14-nji martda Aktau şäherinde «Aktobe» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň