Soňky habarlar

Arhiw

Elon Mask «Dünýäniň iň baý adamy» diýen adyndan mahrum boldy

15:5924.02.2021
0
6683
Elon Mask «Dünýäniň iň baý adamy» diýen adyndan mahrum boldy

Elon Mask bir günde 15 milliard dollar ýitirip, «Dünýäniň iň baý adamy» diýen adyndan mahrum boldy.

«Tesla» we «SpaceX» şereketleriniň esaslandyryjysy Elon Mask «Tesla»  aksiýalarynyň bahasy 8,6 göterim pese gaçanyndan soň, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyndaky öňdebaryjylygyny ýitirdi. «Bloomberg» web sahypasynyň habaryna görä, telekeçiniň baýlygy 15,2 milliard dollar azaldy.

«Bloomberg» web sahypasy «Tesla» aksiýalarynyň pese gaçmagynyň sebäbiniň Elon Maskyň «bitcoin» kriptowalýutasynyň bahasy barada aýdan bellikleri zerarly bolup biljekdigini öňe sürdi.

Elon Mask ozal özüniň şahsy twitter sahypasynda «bitcoin» we «efirium» («Ether») kriptowalýutalarynyň bahalaryny birneme ýokary hasaplaýandygyny beýan edipdi. Telekeçi özüniň şahsy twitter sahypasyndaky bu teswirini «Tesla» şereketiniň 1,5 milliard dollara «bitcoin» satyn aljakdygyny yglan edeninden iki hepde soň ýazypdyr. Netijede, Elon Mask 183,4 milliard dollar baýlygy bilen «Bloomberg» web sahypasynyň habaryna görä, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji ýeri eýeledi. Şeýlelik bilen, «Amazon» şereketiniň esaslandyryjysy Jeff Bezos 186,3 milliard dollar baýlygy bilen, gaýtadan öňdebaryjy, ýagny «Dünýäniň iň baý adamy» diýen hormatly adyň eýesi boldy. 

Elon Maskyň baýlygy ýanwar aýynda 210 milliard dollar diýlip hasaba alnypdy. Ýöne, ol şu aýda bir günüň içinde 15 milliard dollar ýitirip, «Dünýäniň iň baý adamy» diýen adyndan mahrum boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň