Ýokary derejedäki Türkmenistan ― Azerbaýjan ― Türkiýe sammiti şu ýyl Aşgabatda geçiriler. Taraplar bu barada daşary işler ministrleriniň derejesinde Ankarada geçirilen gepleşiklerden soňra ylalaşdylar ― diýip, «Sputnik» habar berýär.
Üç ýurduň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri, 21-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara düşünişmek Ähtnama gol çekilmegi bilen baglanyşykly türkmen energiýa çeşmelerini Ýewropa çykarmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak bolar diýlip garaşylýar.
Gürrüň Hazaryň jümmüşindäki «Dostluk» ýatagy barada barýar. Türkiýe Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky şeýle möhüm ylalaşygyň gazanylmagyny tüýs ýürekden oňlaýar.
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu üçtaraplaýyn gepleşiklerde terrorçylyga garşy göreş, sebit we global meseleler boýunça bilelikdäki ädimler barada pikir alyşandyklaryny aýtdy.
Bu duşuşyk eýýäm Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň bäşinji üç taraplaýyn ýygnagy bolup, şol döwürde strategiki hyzmatdaşlyga, birek-birege hormat we ynam esasynda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşinden kanagatlanma bildirildi. Taraplar garaşsyzlyk, özygtyýarlylyk, territorial bitewilik we döwletleriň serhetleriniň eldegrilmesizligi ýörelgelerine birek-birege hormat goýýandyklaryny ýene bir gezek nygtadylar.