Soňky habarlar

Arhiw

Mewlüt Çawuşoglu: «Türkiýe türkmen gazyny Ýewropa akdyrmaga ýardam bermäge taýýar»

23:5823.02.2021
0
26761

Türkiýe Ýewropany türkmen gazy bilen üpjün etmek üçin ähli tagallalary etmäge taýyn ― diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawusoglu şu gün Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşit Meredow bilen geçirilen gepleşiklerden soňra metbugat ýygnagynda aýtdy.

Türkmenleriň energiýa çeşmelerini Ýewropa çykarmak mümkinçiligi 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek baradaky özara Ähtnama gol çekişmek bilen baglanyşykly dabaralarda hem gozgaldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň Daşary işler ministrligi iki döwleti hem bu möhüm resminama gol çekilmegi bilen gutlady. Şu gün ministr bu taryhy resminama gol çekilmegine tüýs ýürekden hoşaldygyny ýene bir ýola nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň