Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek baradaky Ähtnama Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň şu günki ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Trendiň» habaryna görä, gepleşikleriň dowamynda resminamanyň ähmiýeti nygtaldy we onuň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ägirt uly goşant goşjakdygy bellenildi.
Resminama laýyklykda, «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdeleriniň 70 göteriminden Türkmenistan, 30 göteriminden Azerbaýjan peýdalanar.
Bu Ähtnama azerbaýjan parlamenti tarapyndan birazgyzdan makullanyldy.