Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepede 600 baş bedew üçin athana gurlar

23:5022.02.2021
0
2678
Gökdepede 600 baş bedew üçin athana gurlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatynda wise-premýer E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanynyň garamagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedew üçin niýetlenilen athananyň taslamasyny görkezdi.

Bellenilişi ýaly, umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan bu toplumda tohum bedewleri idetmek hem-de ahalteke bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler dörediler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant hasaplanylýan milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegi, bedewleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Milletiň Lideri meýilleşdirilen gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegi, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy, olarda zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler gözegçilikde saklanylmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň