Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabatda we ýurdumyzyň beýleki welaýat merkezlerinde döwrebap awtomenzilleriň gurluşygy dowam edýär

12:4621.02.2021
0
30407

Türkmenistanyň Prezidentiniň 06.02.2020ý, senesinde çykaran karary esasynda, «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde «Ýolagçy awtomenziliniň» gurluşyk işlerini dowam edýär.

Desganyň esasy binasy iki gatdan ybarat bolup, Türkmenistanyň Döwlet Tugrasyny ýadyňa salýan sekiz burçly ýyldyz şekilinde ýerine ýetiriler we onuň üçeginiň merkezini Balkan welaýatyny alamatlandyrýan milli ýomut göli bezär.

Ýolagçy awtomenzili Balkanabat şäheriniň Beýik ýüpek ýoly we Nebitçiler köçeleriniň çatrygynda ýerleşip, häzirki wagtda desgada beton-gurnama işleri alnyp barylýar.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň