Maryda we ýurduň beýleki welaýatlarynda döwrebap awtomenzilleriň gurluşygy dowam edýär

12:3414.01.2021
0
15696

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary Maryda, şeýle hem Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerinde ýolagçy awtomenziliniň gurluşygyny alyp barýarlar.

Mary şäherindäki awtomenzil Altyn asyr aýlaw ýolunyň ugrunda gurulýar. Häzirki wagtda esasy binanyň düýbi tutulyp, degişli tehniki desgalary gurmak boýunça işler alnyp barylýar.

Ýokarda agzalan şäherleriň ählisindäki awtomenziller bir taslama boýunça gurulýar. Iki gatly binalar sekiz burçly ýyldyz şekili bolar we olaryň hersiniň üçegini şol welaýaty alamatlandyrýan haly göli bilen bezemek meýilleşdirilýär.

Täze awtomenzilleriň gurulmagy sebitleriň arasynda üznüksiz awtobus gatnawyny üpjün eder. Aşgabatda eýýäm gurlan menzil bolsa ýurüdumyzdaky şeýle menzilleriň ählisini bitewi tora birikdirer. Awtobus duralgalarynda uzak aralyga yzygiderli gatnaýan awtobuslardan başga-da, şäherara gatnaw üçin döwlet taksileriniň hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkin bolar. Menzilleriň her biri 700 ýolagça niýetlenendir. Olarda bir wagtyň özünde 16 awtobus we 100 taksi ýerleşer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň