Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Daşkent» dynç alyş seýilgähini gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi

11:4918.02.2021
0
20342

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde «Daşkent» dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada şu gün türkmen metbugatynda habar berildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 5-nji apreline çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň