Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda "Altyn kölüň" kenarynda gurluşyk işlerini alyp barmak üçin bäsleşik yglan edildi

11:1316.02.2021
0
17990

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Altyn kölüň kenarynda dynç alyş zolagynda gurulmaly desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde resmi bildiriş çap edildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagynda:

— 10 sany döwrebap kottejler toplumy;

— söwda we hyzmat ediş merkezi.

Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda:

— baş dolandyryş binasy;

— 2 sany seýilgäh;

— medeni çäreler geçirilýän ýer;

— 2 sany 500 orunlyk awtoduralga we seýilgäh.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň buýurmagynda:

— polisiýa we ýangyn howpsuzlyk bölüminiň edara binasy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda:

— saglyk öýi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň