Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

23:4212.02.2021
0
18110

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar!

Men häzir geçen ýylda edilen işleriň gysgaça jemlerini jemlemek isleýärin. Geçen ýyl biziň üçin çylşyrymly we ýeňil bolmadyk ýyl boldy.
Ýöne dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan ähli kynçylyklara garamazdan, mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde, biz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda uly üstünlikleri gazandyk.
2020-nji ýylda biz bellän ähli meýilnamalarymyzy diýen ýaly amala aşyrmagy başardyk. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan ähli çäreleri geçirdik. Üýtgewsiz ýörelgelerimizi, Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy, parahatçylygy we demokratiýany özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek babatdaky işleri dowam etdik.
Konstitusiýamyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen bagly ýokary derejedäki kanun çykaryjy häkimiýeti üýtgedip gurmak — iki palataly parlamenti döretmek işini doly diýen ýaly tamamladyk.
Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3, söwdada 15,1, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.
Biz 12 müňe golaý täze iş ornuny döretdik. Puluň hümmetsizlenmegini bellenen çäklerde saklamak başartdy. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary depginli ösýär.
Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, biz gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlaryny goýduk. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik.
Başarjaň daýhanlarymyz we mülkdarlarymyz hem geçen ýylda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başardylar. 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million 200 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.
Kabul edilen döwlet maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi düýpli özgerýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär.
Geçen ýyl biz meýdany 2 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Netijede, müňlerçe maşgalalar, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalar jaý toýlaryny toýladylar.
Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde hem täze tapgyr başlandy.
Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar. Iň esasysy bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanyp, ertirki güne ynamy artýar. Jemgyýetimizde demokratiýa we aç-açanlyk ýagdaýy barha giňden ykrar edilýär. Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmagy yzygiderli dowam edýäris.
Biz şu ýyl üçin gowy býujeti kabul etdik, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýene-de ýokarlandyrdyk.
Garaşsyzlygymyzyň, howpsuzlygymyzyň we asuda durmuşymyzyň kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby barha pugtalanýar.
Türkmenistan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bar.
Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara bileleşikdäki at-abraýy hem yzygiderli ýokarlanýar. Biziň ýurdumyzyň öňe süren köp sanly başlangyçlaryna abraýly halkara guramalarda düşünmek bilen garalýar we bu başlangyçlar uly goldaw tapýar.
Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşandyny goşdy we goşmagyny dowam edýär.
Bularyň ählisi biziň dünýädäki ornumyzy berkitmäge, Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
Umuman, geçen ýyly häsiýetlendirmek bilen, men onuň köp sanly möhüm wakalara hem-de üstünliklere beslenip, taryhda we halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny ynamly aýdyp bilerin. Sebäbi 2020-nji ýylda ýurdumyzyň örän köp tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwatyny ulanmak we milletimizi ruhy-medeni taýdan gülledip ösdürmek boýunça ägirt uly işler bitirildi.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar!

Men bu barada öň hem birnäçe gezek aýdypdym, ýene-de gaýtalamak isleýärin, biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy.
Şoňa görä-de, men Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar!

Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl üçin şygarymyzy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip kesgitledik. Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär.
Bu bize watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir.
Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris.
Ýakynda geçirilen ýörite maslahatlarda biz 2020-nji ýylda ähli toplumlarda alnyp barlan işleriň netijelerine seretdik. Ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleri belledik. Ýolbaşçylaryň indiki wezipesi işleri gowulandyrmak üçin berlen tabşyryklary we bellenen çäreleri gysga wagtda ýerine ýetirmekden ybaratdyr.
Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur. Şoňa görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş etmeli, işjeň zähmet çekmeli.
Biz geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmalydyrys. Ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmalydyrys.
Şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipesi ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak, girdejilerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.
Şeýle hem şanly seneleri, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramlaryny ýokary derejede belläp geçmelidiris. Bu şanly seneler döwletliligimizi berkitmek üçin örän möhümdir.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar!

Şu günki mejlisimiziň jemlerini jemlemek bilen, biz ata Watanymyzyň, özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny doly suratda aýdyp bileris.
Men siziň ähliňize berk jan saglygyny we uly üstünlikleri, mähriban halkyma bolsa abadançylyk arzuw edýärin!

(2021-nji ýylyň 12-nji fewraly)

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň