Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baýramdurdyýew Magtymguly işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy.
Bu wezipä ozal ministriň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary bolup işlän Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew bellenildi.