Şu gün – 10-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň maliýe toplumynda alnyp barylýan işlere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapow ministrlik tarapyndan 2020-nji ýylda alnyp barylan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowa ýüzlenip, ministrligiň ýerine ýetirmeli wezipeleri boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, ministrlik ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmeli. Şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň hem-de bar bolan iş ýerleriniň hasabatyny ýola goýmaly we berk gözegçilikde saklamaly. Zähmet gatnaşyklary, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak barada hereket edýän kadalaşdyryjy namalary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmeli. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny mundan beýlägem pugtalandyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny berip, olaryň, ilkinji nobatda işe ýerleşdirilmegini gözegçilikde saklamaly. Edara-kärhanalarda we guramalarda Zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmeli. Raýatlaryň zähmet çekmegi, sagdyn we howpsuz zähmet şertleriniň hukuklarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmeli. Hususan-da, zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertlerinde işgärleriň hukuklaryny doly kepillendirmeli. Ministrligiň resmi internet web saýtyndaky “Iş üpjünçiligi” sahypasynyň mümkinçiliklerini doly ulanyp, döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarda hünärler-kärler boýunça iş orunlara zerurlyklar baradaky maglumatlaryň ilata elýeterli bolmagyny üpjün etmeli. Pensiýalaryň we döwlet kömek pullaryny bellemekde hem-de hasaplamakda takyklygy üpjün edip, öz wagtynda tölemek boýunça degişli işleri geçirmeli. Pensiýa gaznasyna pensiýa gatançlarynyň doly gelip gowuşmagyny gözegçilikde saklamaly. Gaznanyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini we pensiýa toplamalaryny maýa goýumlaryna gönükdirip, girdejileriň dolandyrylmagyny üpjün etmeli. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (10.02.2021) habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet saýty hereket edýär. Bu saýtdaky “Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi portaly” sahypasy iş gözleýänler, işgär gözleýänler, şeýle-de iş bilen üpjünçilik gullugy üçin uly mümkinçiligi döretdi.