Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda daşary syýasaty alyp barmagyň geljegi barada möhüm tabşyryklary berdi

23:4609.02.2021
0
6701

Şu gün geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyny bütin dünýä giňden açyp görkezmegiň wajypdygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri yzygiderli işläp taýýarlamak, bu ugurda adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň işini has-da güýçlendirmek tabşyryldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary J.Gurbangeldiýewe hem-de E.Aýdogdyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýokary hünär derejeli bolmagynyň we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamagyň şu ýokary okuw mekdepleriniň baş maksatlarynyň biri bolmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutany bu ýokary okuw mekdeplerinde internet žurnalistikasy we syýasy kommunikasiýa boýunça täze sapaklary girizmegi, beýleki zerur bolan täze hünärleri açmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Halkara hukuk boýunça bilim alýan talyplar üçin halkara ykdysady gatnaşyklaryň meselelerini çözmek we halkara arbitraž ugry boýunça täze sapaklary we amaly okuwlary girizmek mümkinçiligine seretmek wajypdyr.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa we beýleki degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny has-da giňden amala aşyrmak babatda tabşyryk berildi.

Türkmenistanyň dünýädäki ornuny we abraýyny berkitmek hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegi, bu guramanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen Kararnamalaryny hem-de beýleki resminamalaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar bilen döwletimiziň bähbitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Milletiň Lideri sebitdäki ykdysady ýagdaýlary seljerip, ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen geljekde alyp barjak hyzmatdaşlygyna täzeçe çemeleşmek bilen, anyk teklipleriň taýýarlanylmalydygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli döwlet edaralary bilen bilelikde daşary ýurtlarda söwda wekilhanalarymyzy açmak üçin hem teklipleri bermegi tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we pugtalandyrmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam bermegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, garamaga teklip edilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahaty, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak hakyndaky», «Eksport-import amallary üçin «Bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky» Kararlar bar.

Şeýle hem milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny döretmek hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutany bu Karara gol çekjekdigini aýdyp, beýleki pudaklaryň işi bilen hem bagly bolansoň galan Kararlara Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçiriljek giňişleýin mejlisinde seredilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň