Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň ýene ikisi açylar

23:4309.02.2021
0
21912

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary J.Gurbangeldiýewe hem-de E.Aýdogdyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýokary hünär derejeli bolmagynyň we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamagyň şu ýokary okuw mekdepleriniň baş maksatlarynyň biri bolmalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde täze hünär ugurlaryny açmagyň ýagdaýyny seljermegi, hususan-da, geljekde dürli sebitler, şol sanda Gündogary öwreniş, Amerika we Ýewropa ýurtlary, sanly diplomatiýa, kiberhowpsuzlyk, seljeriş we strategik meýilleşdiriş boýunça ýöriteleşen hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçiligini öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýokary okuw mekdeplerinde internet žurnalistikasy we syýasy kommunikasiýa boýunça täze sapaklary girizmegi, beýleki zerur bolan täze hünärleri açmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Halkara hukuk boýunça bilim alýan talyplar üçin halkara ykdysady gatnaşyklaryň meselelerini çözmek we halkara arbitraž ugry boýunça täze sapaklary we amaly okuwlary girizmek mümkinçiligine seretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň