Ýerli telekeçiler Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky tarapyndan guraljak sanly marketing we onlaýn satuw boýunça gysga wagtlyk okuwlara çagyrylýar.
Onlaýn görnüşde geçiriljek okuwlar 1 ― 4-nji we 24 ― 27-nji mart aralygynda bolar.
Onlaýn okuwlar harytlaryň we hyzmatlaryň onlaýn satuwyny netijeli ýola goýmaga we ösdürmäge we işi ösdürmek üçin onlaýn mümkinçiliklerden peýdalanmaga kömek eder.
Okuw maksatnamalary «APPLICATIO Training & Management» (Germaniýa) CEFE (Serbiýa) bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi.
Okuwlar elektron söwda taslamalarynda 14 ýyl tejribesi bolan tejribeli tälimçileriň ikisi tarapyndan geçiriler.
ÝDÖB-niň metbugat beýanatyna görä, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän okuwlara gatnaşmak mugt.