2025-nji ýylyň 17-nji martynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezi bilen bilelikde pars şahyry Parwin Etesamynyň döredijiligine bagyşlanan dabara geçirildi.
Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkeziniň başlygynyň w.w.ý.ý. Ebrahim Pärwizi, şol merkeziň mugallymlarydyr okuwçylary hem-de institutyň pars dili hünäriniň mugallymlarydyr, talyplary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler türkmen we pars halklarynyň görnükli şahsyýetleriniň, ýazyjydyr şahyrlarynyň adamkärçilik, ahlaklylyk häsiýetlerini, pelsepewi pikirlerini öz içine alýan eserleriniň taryhda halklary birleşdirýän köpri bolup hyzmat edendigini, medeni gymmatlyklar bilen tanyşdyrmagyň, halklaryň arasynda düşünişmegi we dostlugy berkidip, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşygy ýola goýmaga kömek edip biljekdigini nygtadylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň wekili häzirki wagta çenli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen dürli çäreleriň türkmen we pars halklaryny has ýakynlaşdyrandygyny hem-de täze mümmkinçilikleri döredýändigini belledi. Şeýle-de ol Eýran Yslam Respublikasynda15-nji martda özboluşly çeperçilik stili bilen pars poeziýasynda aýratyn orny eýelän Parwin Etesaminini ýatlama gününiň, 8-nji martda bolsa, Halkara zenanlar gününiň bellenip geçilýändigini ýatlady. Pars edebiýatynyň taryhynda görnükli zenan şahyrlaryň biri Parwin Etesaminiň özboluşly şahyrana stilde ýazylan goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetini belledi. Ýönekeý diliň we pelsepe temalarynyň utgaşmasyndan dörän goşgular jemgyýetiň ähli gatlaklaryna düşnükli.
Myhman 1314-nji hijri şemsi ýylynda (1935-nji milady ýylynda) Parwin Etesaminiň sosial eposlaryny we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän goşgular ýygyndysynyň “Parwin Etesaminiň diwany” ady bilen neşir edilendigi, ýygynda dürli temalarda ýazylan 606 sany goşgynyň girizilendigi, Parwiniň dowamly eserler döredip, pars edebiýatynda täze döredijilik usulynyň düýbüni tutandygy, häzirki wagtda onuň diňe bir Eýranda däl, eýsem bütin dünýäde wepalylygyň we zenan edebiýatynyň nyşany hökmünde tanalýandygy, goşgularynyň aglabasynyň diliniň sadalygy, ahlak mazmuny we bilim berijilik gymmaty taýyndan mekdeplerde edebi mysal hökmünde öwredilýändigini hem-de köp sanly mekdepdir medeni merkezleriň onuň adyny göterýändigi baradaky gymmatly maglumatlary dabara gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.