18-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Astrahan döwlet uniwersiteti ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň guramagynda «Arassa energiýa — geljegiň energiýasy: düýn, şu gün, ertir» atly talyplaryň arasynda geçirilen halkara «tegelek stol» duşuşygyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ýokary okuw mekdebiniň radiofizika we elektronika hünäriniň talyby S.Ergeşow «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini utgaşdyryp ulanmaklygyň mümkinçilikleri», taryh hünäriniň talyby Medine Sopytaganowa «Gaytadan dikeldilýän energetika: Türkmenistanyň durnukly geljeginiň açary» we ekologiýa hünäriniň talyby Arslan Hanmedow «Merkezi Aziýa ýurtlarynda gün energetikasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly ylmy nutuklary bilen çykyş etdiler.
Duşuşyga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty B.Diwangulyýewa hem-de W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň «Öwrenýän jemgyýet we durnuklu durmuş-ykdysady ösüş» ÝUNESKO kafedrasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.