Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 580 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

15:3907.02.2021
0
6459

Aşgabatda gündogaryň beýik şahyry we akyldary Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 580 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Dabaraly çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instutynda geçirildi. Oňa Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşyk Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarowyň çykyşy bilen açyldy. Ilçi öz çykyşynda görnükli şahyr Alyşir Nowaýynyň edebi mirasynyň ajaýyp we köptaraplydygyny aýtdy. Şahyryň onlarça goşgular ýygyndysy, ylmy eserleri, şahyrana traktatlary gündogar halklarynyň baýlygydyr. Bu eserlerde Merkezi Aziýa hallklarynyň XV asyryň ahyryndaky ruhy we medeni durmuşy görkezilýär.

Tomaşaçylara beýik şahyryň terjimehaly we döredijilik ýoly barada wideo görkezildi. Dabaraly çäräniň ahyrynda institutyň talyplary şahyryň goşgularyny türkmen, özbek we rus dillerinde okadylar.

Şeýle hem şahyryň «Ylham» seýilgähindäki ýadygärligine gül desseleri goýuldy. Bu seýilgäh Alyşir Nowaýynyň adyny göterýän köçäniň ugrunda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň