Türkmenistanyň Prezidenti Internet we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi tabşyrdy

23:5506.02.2021
0
46670

― Maglumat tehnologiýalarynyň dünýädäki ösüşine laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaly ― diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy fewralda geçirilen iş maslahatynda halkara tejribesi esasynda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegi, ilata hödürlenýän Internet hyzmatlary we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi, ilat köpçüligine Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa hem-de ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, çökgünlige garşy 2020–2021-nji ýyllar üçin maksatnama laýyklykda hem-de elektron söwdasynyň, Internet hyzmatlarynyň, uzak aralykdan işlemegiň we okatmagyň giňden ýaýramagy bilen baglylykda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny gowulandyrmalydygyny aýtdy. 

Milletiň Lideri ulag-aragatnaşyk toplumynyň edaralarynda kuwwatlyklaryň doly güýjünde peýdalanylmagynyň we ösüş depginleriniň peselmeginiň sebäplerini seljermegiň zerurdygyny belläp, ilat üçin aragatnaşyk we Internet hyzmatlarynyň, bahalarynyň elýeterli bolmagyny, 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň