Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistan täze ýük uçarlaryny satyn alar

23:5006.02.2021
0
15765

Türkmenistan ýene-de täze ýük uçarlaryny satyn almagy meeýilleşdirýär. Bu barada ýurduň ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburowa tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany dünýäde häzirki wagtda awiaýolagçylaryň azalandygyny göz öňünde tutup, täze ýük uçarlaryny satyn almagy we uçarlaryň ýük daşaýjylyk ukybyny artdyrmagy tabşyrdy we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna öňde durýan wezipeleri çözmek babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutany howa gämilerinde düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini we tehniki hyzmatlary öz wagtynda geçirmegi; Uçuşlaryň ygtybarly we howpsuz bolmagyny üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Agentligiň howa menzillerinde döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça zerur çäreleri görüp, howa menzillerini has netijeli ulanylmagyny üpjün etmeli.

Şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap, «IL-76» kysymly ýük howa gämisinde hepdede bir gezek Aşgabat ― Stambul ― Aşgabat we Aşgabat ― Abu-Dabi ― Aşgabat ugurlary boýunça yzygiderli ýük gatnawlary ýola goýuldy. Häzir Aziýadan Ýewropa hem-de Ýewropadan Aziýa sebitine «Boeing-200LR» kysymly howa gämisiniň bagaž böleginde ýükleri daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň