Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Saburow Döwran Reimbaýewiçe berk käýinç yglan etdi.
6-njy fewralda geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň pudagy goldamak üçin ähli zerur çäreleri görýändigini belledi. Şol birwagtyň özünde raýat awiasiýasynyň işini täze şertlere uýgunlaşdyrmaga netijeli usullary tapmak zerur bolup durýar.
Hususan-da, halkara we içerki ugurlar boýunça ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ýokary hilini, howpsuzlyk we amatlylyk derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýän sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga ähmiýet berilmelidir.
Döwlet Baştutany pudagyň işine nägilelik bildirip, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurlarda dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Iki menzilde daşary ýurt uçarlarynyň tehniki uçuş-gonuş işleri amala aşyryldy
Iş maslahatynda agentligiň ýolbaşçysynyň hasabatynda aýdylyşy ýaly, geçen ýyl ýük daşamagyň meýilnamasy 106,1 göterim berjaý edildi. 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Türkmenbaşy we Türkmenabat Halkara howa menzillerine daşary ýurt howa gämileriniň tehniki uçuş-gonuş işleri amala aşyrylyp başlandy.
Yklymlaýyn ýük gatnawlary meýilleşdirilýär
Şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap, «IL-76» kysymly ýük howa gämisinde hepdede bir gezek Aşgabat-Stambul-Aşgabat we Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat ugurlary boýunça yzygiderli ýük gatnawlary ýola goýuldy. Häzir Aziýadan Ýewropa hem-de Ýewropadan Aziýa sebitine «Boeing-200LR» kysymly howa gämisiniň bagaž böleginde ýükleri daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.