Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenhowaýollary” Russiýadan Türkmenistana ýük uçuşyny amala aşyrar

00:0605.02.2021
0
50383

 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda “Türkmenhowaýollary” Moskwa-Domodedowo – Türkmenistan gatnaw ugry boýunça ýük uçuşyny amala aşyrar. Bu barada howa gatnawynyň Russiýanyň wekilhanasynyň resmi web sahypasy habar berýär.

Çarter uçuşy Il-76TD ulag uçary arkaly amala aşyrylar. Bu uçuş arkaly täjirçilik-söwda ýüklerini iberip bolar. Ýük iberilmezinden azyndan bir gün öň gümrük üsti bilen arassalanmalydyr.

Awiakompaniýa zerur bolsa ýükleri hasaba almagy +79266043176 telefon ýa-da elektron poçta arkaly ýük agentine ýüz tutmagy maslahat berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň