Türkmenistanyň Merkezi banky Russiýa banky bilen IT hüjümler babatynda hyzmatdaşlyk eder

23:5004.02.2021
0
13517

Türkmenistanyň Merkezi banky Russiýa banky bilen kompýuter hüjümlerine garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy. Bu barada rus düzgünleşdirijisiniň web sahypasynda habar berildi.

Habarda aýdylmagyna görä, gol çekilen şertnama iki ýurduň merkezi banklarynyň arasynda maglumat howpsuzlygy pudagyndaky howplar barada maglumat alyşmak işini resmileşdirmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň