Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan edildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda konserniň işine nägilelik bildirip, ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň möçberini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, konserniň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň himiýa senagatyny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak, baý ýerli serişdeleriň esasynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini içgin öwrenmek barada tabşyryklar berildi.