Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengaz» döwlet konserniniň işine nägilelik bildirdi

23:4802.02.2021
0
18370

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyň meselelerine bagyşlanan iş maslahatynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda işleri guramak boýunça käbir kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň işini döwrebaplaşdyrmak, känleriň önüm berijiligini artdyrmak, pudagyň işgärleri üçin zerur şertleri döretmek babatda işleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, şolary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. 

Tebigy gazy gaýtadan işlemek, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, sebitara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder. Şoňa görä-de, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine we ylmyň ýokary gazananlaryna hem-de täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň