Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Aşgabadyň iň gowy onlaýn dükany” bäsleşigine gatnaşýanlar kesgitlenildi

19:5802.02.2021
23
21520

Mundan ozal habar berşimiz ýaly “Türkmenportal” 1-nji fewraldan başlap, 10 gün dowam etjek, “Aşgabadyň iň gowy onlaýn dükany” bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşmak isleýän dükanlar elektron anketa tabşyrmaly. Arzalar 30-njy ýanwardan 1-nji fewral aralygynda kabul edildi.

Iberilen arzalaryň esasynda “Aşgabadyň iň gowy onlaýn dükany” ugrundaky bäsleşikde  bäsleşjek gatnaşyjylaryň sanawy döredildi.  

Şeýlelikde, gatnaşyjylaryň sanawyna aşakdaky onlaýn dükanlar girýär:

  1. Ynamdar
  2. Getirtm
  3. Akyol
  4. 100haryt.com
  5. dukanym.com.tm
  6. Tiztapal
  7. Dükan41
  8. Galam.tm
  9. Balary
  10. Elektronika.tm
  11. Gipertm
  12. Sowgatlar.com

Ýaryşa gatnaşýanlaryň, sargytlary kabul etmegiň wagty, gowşuryş wagty, harytlaryň suratdakysy bilen meňzeşligi, kart arkaly tölemek aýratynlygy ýaly synaglardan geçmelidigini ýatladýarys.

Iň köp utuk gazanan dükan ýeňiji bolar we baş baýragy ýagny, “Turkmenportal”-dan dükan barada giňişleýin syn wideosyny alar, “Iň gowy hyzmat / Eltip berme”, “Ýokary hilli önümler” we “Sahy satyjy” ýaly üç ugur boýunça iň gowy onlaýn dükanlar “Turkmenportal” tarapyndan dükanyň doly syn makalasy ýazylar.

Onlaýn dükanlaryň müşderileri hem, kiçi ýaryşa gatnaşyp bilerler. Ýagny, gatnaşýan dükanlar barada sosial ulgamlarda we Türkmenportal web sahypasynda bu bäsleşik barada islendik ýazgyda teswir ýazmak zerur, iň gowy teswir ýazan ildeşimiz bolsa gatnaşýan dükanlardan ýörite baýrak alar.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Mahalia ( 03.02.2021 )

Hojalyk uçin gerek bolan zatlarymy (iymit onumleri, himiyany we s.m) käwagt onlayn sargayaryn. Esasy 100haryt onlayn dükanyny saylayaryn. Iñ amatly bahalar, tiz wagtda (hem-de özüñe layyk wagtda) getirip beryärler. Önumleriñ hili gowy, ichinden döwük ya-da zaya zat chykmady. Ishgarleri gaty mylayym gurleshyarler. Birden sargytda yalñyshlyk bolsa, tiz wagtyñ ichinde düzedyärler. Saytlaryndan haryt sargyt etmek añsat, bank kartyndan tolemek mumkichiligi bar (bu gaty uly +), sargydyñ summasy 100 manatdan gechse, eltip bermek mugt. Saytlarynyn yañy yakynda interfeysi uytgedildi, has añsatlashdyryldy, owadan boldy. Yöne ozal sargyt edeñsoñ, sargytlarym diyen sahypadan islän wagtyñ sagytlaryñy täzeden görüp bolyardy, indi görüp bolanok. Ol funksiyasam basym dikeldiler diyip umyt edyärin.

14
Ruslan_Yusupov ( 03.02.2021 )

Ynamdar не советую. На звонки не отвечают или сбрасывают постоянно. 100haryt молодцы и сайт у них более удобен для простого пользователя.

11
victoriya ( 03.02.2021 )

Очень нравится обслуживание интернет-магазина 100.haryt. Очень любезные операторы. Удобно. Быстро. Часто пользуюсь услугами данного магазина.

15
victoriya ( 03.02.2021 )

Galam.tm. Удобно . Быстро. Доступно. Оптимально.

0
victoriya ( 03.02.2021 )

Giper.tm очень порадовали в новогдний-загруженный день. Приняли заказ не смотря на праздничный день. Не смотря на смену точки доставки , очень быстро доставили заказанный товар.

0
victoriya ( 03.02.2021 )

Хотелось бы получать товары и в отдаленные города-этрапы нашего города. Всем участникам удачи в конкурсе.

0
Batyr ( 03.02.2021 )

Мы с семьей пользуемся почти всеми онлайн магазинами. Это очень удобно и от имени своей семьи хотел бы поблагодорить всех участников конкурса. ВСЕ огромные молодцы. Но из всех Нам (особенно дочке) нравится tiztapal. Они собрали много местных магазинов с их товарами, где можно выбирать по размерам, по цветам и т.д. Несколько крутых ресторанов. У них даже есть мини маркет, надеюсь ассортимента в будущем увеличится. И все это очень удобно.

0
Ilyasabad ( 03.02.2021 )

Здравствуйте.Советую всем tiztapal очень шикарное приложение и сайт ! За создание сайта им огромная похвала .Большой выбор товаров и главное все не вперемешку ,в маркете правда выбора не так много ,но цены приемлемые.Любимые рестораны наконец нашел Онлайн!!!

0
tiztapal ( 04.02.2021 )

Всем доброго утра.

0
tiztapal ( 04.02.2021 )

Ilyasabad, Batyr, разрешите от имени tiztapal душевно поблагодарить Вас за Ваши комментарии и сообщить что мы продолжим работу над увеличением ассортимента. Мы всегда будем стремиться к идеалу качества предоставляемых нами услуг.

0