Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Russiýanyň «EpiWakKorona» atly ikinji sanjymy hasaba alyndy

21:4729.01.2021
0
34147
Türkmenistanda Russiýanyň «EpiWakKorona» atly ikinji sanjymy hasaba alyndy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky dermanlyk serişdelerini bellige almak we döwlet hil gözegçiligi merkeziniň seljermeleriniň netijeleri boýunça Russiýanyň «EpiWakKorona» ikinji sanjymyny bellige almak hakynda şahadatnama gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bu sanjym Russiýa Federasiýasynyň sarp edijileriň hukuklaryny we adamlaryň abadançylygyny goramak babatda gözegçilik boýunça “Wektor” Federal gullugyň wirusologiýa we biotehnologiýa döwlet ylmy merkeziniň” federal býujet edarasynda işlenip taýýarlanyldy.

Sanjyma bellige alyş şahadatnamasynyň gowşurylmagy bu serişdäniň ýurda satyn almaga we peýdalanmaga ygtyýar berilýär.

Ýakynda Türkmenistanda “Gam-KOWID-Wak” garyşyk sanjymy bellige alyndy. Ol “Sputnik V” söwda nyşany bilen bellidir. Bu iki ulgamly sanjym Russiýanyň Nikolaý Gamaleý adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa ulgamy boýunça ylmy-barlag edarasy tarapyndan taýýarlanyldy.

“EpiWakKorona” täze sanjym synagdan geçirilip, onuň ýokary howpsuzlyk derejesine eýedigi tassyklanyldy. Şonda onuň netijeliligi 100 göterime deň boldy.

“Sputnik V” sanjymyndan tapawutlylykda, ol peptid häsiýetlidir. Bu serişdede hereketiň başga ugry emele gelýär: serişde emeli sintizirlenen gysga belokäpeptid koronawirus serişdelerinden ybaratdyr. Onuň üsti bilen immuno ulgamy öwrenilýär, soňra ol ýokanjy ýok edýär.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan soň, “EpiWakKorona” sanjymyny bellige alan dünýäde ilkinji döwlet bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistan öz çäginde Merkezi Aziýada resmi taýdan “Sputnik V” sanjymyny bellige alan döwletleriň onlugyna girýär.

Keselleriň öňüni almak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda keselleriň 14 görnüşine garşy sanjymlaryň 13-si tölegsiz geçirilýär.

Welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň we obalaryň lukmançylyk edaralarynyň ýöriteleşdirilen ammarlarynda sanjymlary we beýleki serişdeleri degişli derejede saklamak üçin ähli zerur şertler bar.

Täze sanjymyň bellige alynmagy ýokanç kesellere garşy göreşmekde we ylmy-lukmançylyk edaralarynyň köptaraply gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda nobatdaky ädimdir. Milli Lider şu ugruň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär we bu babatda birnäçe halkara başlangyçlaryny öňe sürýär. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Ýurduň Hökümeti tarapyndan BMG-nyň agentlikleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga taýýarlygyny üpjün edýän Meýilnama taýýarlanyldy. 2020-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Karary bilen meýilnamany tassyklady. Bu meýilnamanyň çäreleri BSGG-niň Ýurt edarasynyň, BMG-niň agentlikleriniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işine ornaşdyrylýar.

Geçen ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda pandemiýa ýokanjyna garşy göreşmek boýunça gyssagly durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistan täze wehime garşy göreşmekde ygtybarly binýat döreden beýleki ýurtlar bilen tejribe alyşmaga we bu ýokanjyň ýaramaz täsirleriniň öňüni almaga gönükdirilen işler boýunça pikir alyşmaga örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Şeýle hem ýurdumyz beýleki ýurtlar we halkara guramalary bilen bilelikde, bu ugurda ýokary derejä ýetmek maksady bilen, özüniň toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardyr.

Halkyň saglygy we abadançylygy baradaky alada hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi keselleriň öňüni almak boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegi talap edýär. Ilata ählumumy derejede sanjym geçirmek, bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça maksatnamalar hem-de taslamalar özüniň oňat netijesini berýär.

Şeýle-de okaň!

Türkmenistan Russiýanyň «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

Türkmenistan Russiýada öndürilen koronowirus sanjymyna isleg bildirýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň