Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Russiýada öndürilen koronowirus sanjymyna isleg bildirýär

22:3225.12.2020
0
25823

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet anna güni Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýys ministriniň orunbasary, döwlet sekretary Aleksandra Dronowa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň resmi sahypasy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gatnaşyjylar Covid-19 ýokanjyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň geljegini, hususan-da at gazanan akademik N.F.Gamaleýa adyndaky Russiýanyň epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça milli gözleg merkezi tarapyndan işlenilen “Sputnik V” sanjymyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar pandemiýa zerarly dünýädäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan saglyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ösýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.
“Sputnik V” waksinasy adam adenowirus wektor platformasynyň esasynda öwrenilen dünýäde ilkinji hasaba alnan sanjym. Häzirki wagtda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) sanawynda sanjymlaryň ilkinji onlugyna girýän waksinasynyň kliniki synaglarynyň tamamlanmagy we köpçülikleýin önümçiliginiň başlanmagy ýakynlaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň