Arhiw

Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlardan «COVID-19» sanjymyny alandygy barada güwanama talap ediler

18:0029.01.2021
0
40649

Türkmenistanyň Prezidenti penşenbe güni geçiren wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça işleri dowam etmegiň, öňümizde ýetip gelýän ýaz-tomus pasyllary bilen baglylykda, zerur bolsa güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.

Bu babatda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG tarapyndan ykrar edilen derman serişdelerini we sanjymlaryny bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagy, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we ýokary derejeli dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar.

Döwlet Baştutany keselleriň öňüni almak ugrunda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreleriň barşynda üç halkalaýyn düzgüniň berk berjaý edilişini hem-de agyz-burun örtükleriniň halkara kadalaryna laýyk gelmegini hem-de bellenilen möhletine çenli ulanylyşyny berk gözegçilikde saklamak hem-de bu babatda ilatyň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmak barada tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlara hem-de daşary döwletlere okamaga gitjek talyplara barýan ýurtlarynda ulanylýan sanjymlara görä, sanjym geçirmegiň üpjün edilmegini hem-de Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurtlarynda degişli sanjym alandyklaryny tassyklaýan güwänamany olardan talap etmegi tabşyrdy, şeýle hem isleg bildirýän sanjymlaryny biziň ýurdumyzda hem ulanar ýaly mümkinçiligi döretmegiň möhümdigi barada degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Şunda döwlet Baştutany keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has möhümdigi barada aýtmak bilen, häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de okaň!

Türkmenistan halkara uçuşlar babatynda sanjym talapnamalaryny girizer

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň