Soňky habarlar

Arhiw

Didar Durdyýew «Buharanyň» düzüminde tapawutlandy

23:2128.01.2021
0
5712

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Didar Durdyýew Özbegistanyň «Buhara» futbol toparynyň düzüminde Fergana welaýatynyň häkiminiň kubogy ugrundaky duşuşykda tapawutlandy.

Şu gün ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda «Buhara» «Andijany» 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ilkinji pökgini 16-njy minutda türkmenistanly hüjümçi geçirdi. Ol esasy düzümde meýdana çykdy.

«Buharanyň» düzüminde 25 ýaşly türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow hem çykyş etdi. Onuň ýakynda «Buhara» bilen şertnama baglaşandygyny ýatladýarys.

«Buharanyň» çärýek finaldaky garşydaşy Daşkent şäheriniň «Istikloly» bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň