Şu gün – 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Halkara alabaý itleri assosasiýasynyň Köpetdagyň eteginde gurluşygy alnyp barylýan merkezi edarasyndaky işler bilen tanyşdy. Tanyşlygyň barşynda türkmen Lideri Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir günde türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, baýramçylyk mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmegi, türkmen alabaýlarynyň çykyşlaryny, ýaryşlaryny guramagy, ýeňiji bolan alabaýa bolsa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen adyň dakylmagynyň ýerlikli boljakdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanda türkmen alabaýynyň baýramy belleniler
21:4225.01.2021
1
22959
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň