Soňky habarlar

Arhiw

Bilim we saglyk hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hindi gepleşikleri geçirildi

16:5925.01.2021
0
4499

Şu gün Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Widhu Pithambaran Nair Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport meseleleri boýunça orunbasary Mammetmyrat Geldiniýazow bilen onlaýn duşuşyk geçirdi.

Taraplar saglygy goraýyş we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi, şol sanda bilermenleriň alyş-çalşygyny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Ilçi Widhu Pithambaran Nair wise-premýere Hindistanyň COVID sanjymy babatynda kömek maksatnamasy barada gürrüň berdi. Bular barada Hindistanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýakynda hindi diplomatynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň rektorlary bilen hem onlaýn duşuşyklary geçirendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň