Rahat Japarow Ferganada «Buharanyň» hataryna baryp goşuldy

14:5624.01.2021
0
7221

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow düýn Özbegistanyň «Buhara» futbol toparyna gelip goşuldy. «Championat Asia»-nyň klubyň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, türkmenistanly derwezeçi Fergana şäherine gelip, klubyň bu şäherde ýerleşen myhmanhanasynda topara goşuldy. Häzir «Buhara» bu ýerde geçirilýän futbol ýaryşyna gatnaşýar.

Saýtda habar berlişi ýaly, ildeşimiz düýn topar bilen türgenleşiklere hem goşuldy. Ýakynda onuň «Buhara» bilen şertnama gol çekendigini habar beripdik.

Topara goşulmazyndan bir öň ― 22-nji ýanwarda 25 ýaşyny dolduran derwezeçi Mary şäherinde doguldy. 2019-njy ýyldan bäri ol Türkmenistanyň milli ýygyndysyna hem çagyrylyp gelinýär. Ýurdumyzda «Köpetdagyň» düzüminde çykyş eden Rahat Japarow geçen möwsümi Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparynda geçiripdi.

Saýtda ýerleşdirilen habaryň aşagynda ýazylan teswirlerde özbegistanly futbol janköýerleriniň Arslanmyrat Amanow, Artur Geworkýan, Goçguly Goçgulyýew ýaly ildeşlerimiziň futbolyna uly hormat goýýandygy görünýär.

Ýakynda Arslanmyrat Amanowyň Özbegistanyň başga bir topary ― «Sogdiana» bilen bir möwsümlik şertnama gol çekişendigini habar beripdik. Milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Didar Durdyýew bolsa «Kokand ― 1912»-niň hatarynda türgenleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň