Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan CADAP we BOMCA Maksatnamalary boýunça bäşýyllyk wezipeleri kesgitledi

17:1623.01.2021
0
6419

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler minisrti R. Meredow 22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň BOMСA we CADAP Maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ykdysady ösüş, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda sebit we milli derejede amala aşyrylýan uzak möhletleýin maksatnamalar we taslamalar möhüm ähmiýete eýedir.

Olaryň hatarynda 2003-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada we Owganystanda serhetleri dolandyrmak» atly (BOMCA) maksatnamasyny hem-de «Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek» (СADAP) maksatnamasyny görkezmek bolar.

Häzirki wagtda 2021-2025-nji ýyllara gönükdirilen СADAP maksatnamasynyň 7-nji tapgyry we BOMCA maksatnamasynyň 10-njy tapgyry boýunça maliýe ylalaşyklarynyň taslamalary taýýarlanyldy we ýurdumyzyň degişli edaralary tarapyndan seredildi.

BOMCA maksatnamasynyň çäklerinde geljekki 5 ýylyň dowamynda serhet we gümrük howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda ýardam bermek; serhetýaka sebitlerde ýerli ykdysady ösüş arkaly ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak; serhet dolandyryşy ulgamynda öňdebaryjy halkara tejribeleri we maglumat-tehniki usullary ornaşdyrmak; transmilli jenaýatçylygy ýüze çykarmak we derňemek üçin hukuk goraýjy edaralara goldaw bermek; harytlaryň serhetlerden geçirilmeginiň sanly amallaryny kämilleşdirmek we bu babatda sebit söwdasyny pugtalandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

CADAP maksatnamasynyň çäklerinde indiki 5 ýylyň dowamynda amala aşyryljak çäreler halkara tejribelere esaslanyp, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmäge we durmuşa geçirmek babatda goldaw bermäge; sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny berkitmek üçin neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga; sebit derejesinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça bitewi maglumat ulgamyny döretmäge, milli maglumat torlary emele getirmäge; ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-2025-nji ýyllara gönükdirilen СADAP maksatnamasynyň 7-nji tapgyry we BOMCA maksatnamasynyň 10-njy tapgyry boýunça maliýe ylalaşyklarynyň taslamalaryny hödürledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň