Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Hytaý kompaniýasyndan buraw turbalaryny satyn alar

10:5623.01.2021
0
3978
Türkmenistan Hytaý kompaniýasyndan buraw turbalaryny satyn alar

22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanynyň garamagyna turbalary satyn almak barada Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutany «Türkmennebit» döwlet konserniniň dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almagy hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli möçberde dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Honghua International Co., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň