Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi

15:4422.01.2021
0
4043
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň 27-nji ýanwarda geçiriljek bije çekişligi üçin gatnaşjak toparlardan ybarat sebetleri yglan etdi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşy Gündogar we Günbatar zolakda geçiriler. Bu barada «Istiklol» futbol toparynyň resmi saýty habar berýär.

Yklym ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyry her birinde 4 topar bolan 10 toparçadan ybarat bolar. Günbatar zolagyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde 14 ― 30-njy aprel, gündogar zolagyňky bolsa 21-nji aprel ― 7-nji maý aralygynda geçiriler.

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekilişigi üçin sebetler:

Günbatar Zolak:

1-nji sebet: «Al-Duhaýl» (Katar), «Al-Hilal» (Saud Arabystany), «Persepolis» (Eýran), «Şarja» (BAE), «Al-Sadd» (Katar).

2-nji sebet:  «AlNasr» (Saud Arabystany), «Traktor» (Eýran), «Şabab Al-Ahli Dubaý» (BAE), «Al-Raýan» (Katar), «Al-Ahli Saudi» (Saud Arabystany).

3-nji sebet: «Pahtakor» (Özbegistan), «Al-Wehdat» (Iordaniýa), «Goa» (Hindistan), «Istiklol» (Täjigistan), «Esteglal» (Eýran).

4-nji sebet: «Al-Şorta» (Yrak), «Al-Garafa» (Katar) ― AGMK (Özbegistan) jübütleriniň ýeňijisi, «Al-Wehda» (Saud Arabystany) ― «Eýr Fors» (Yrak) jübütleriniň ýeňijisi, «Fulad» (Eýran) ― «Al-Aýn» (BAE) jübütleriniň ýeňijisi, «Al-Wahda» (BAE) ― «Al-Zawraa» (Yrak) jübütleriniň ýeňijisi.

Gündogar zolak

1-nji sebet: «Szýansu Sunin» (Hytaý), «Kawasaki Frontale» (Ýaponiýa), «Çonbuk Hýonde Motors» (Ýaponiýa), «BG Pathum Ýunaýted» (Tailand), «Şandun Lunýen» (Hytaý).

2-nji sebet: «Gamba Osaka» (Ýaponiýa), «Ulsan Hýonde» (Koreýa Respublikasy), «Taý Port» (Tailand), «Guançžou» (Hytaý), «Nagoýa Grampus» (Ýaponiýa).

3-nji sebet: «Ýunaýted Siti» (Filippinler), «Kitçi» (Gonkong), «Wiettel» (Wýetnam), «Johor Darul Tazim» (Malaýziýa), «Tampines Rowers» (Singapur).

4-nji sebet: «Sidneý» (Awstraliýa), «Beýszin» (Hytaý) ― «Brisben Roar» (Awstraliýa) / «Kaýa Iloilo» jübütleriniň ýeňijisi,  «Sereso Osaka» (Ýaponiýa) — «Melburn Siti (Awstraliýa) / «Şan Ýunaýted» (Mýanma), «Phohan Stilers» (Koreýa Respublikasy) ― «Ratçaburi» (Tailand) jübütleriniň ýeňijisi, «Tegu» (Koreýa Respublikasy) ― «Çiangraý Ýuaýted» (Tailand) jübütleriniň ýeňijisi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň