Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda küşt boýunça ilkinji gezek onlaýn ýaryş geçirildi

11:0522.01.2021
0
2075

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Küşt federasiýasynyň, Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň Küşt federasiýasynyň kubogyny almak ugrundaky onlaýn ýaryş geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şeýle görnüşde ilkinji gezek geçirilýän bu ýaryşa dürli ýaşdaky ildeşlerimiz gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Küşt federasiýasynyň kubogyny almak ugrunda ilkinji gezek geçirilen ýaryşa türgenleriň 60-dan gowragy gatnaşdy. Şolaryň 30-sy Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň türgenleridir. Ýaryş turuwbaşdan çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Oňa Ahmet Ödäýew baş eminlik etdi. Jemal Öwezdurdyýewa bilen Mergen Kakabaýew baş eminiň kömekçileri bolup, ýaryşyň gidişine we netijesine gözegçilik etdiler. Ýaryşda «Lichess.org» internet portaly hem eminlik etdi. Ol ýaryşa gatnaşan türgenleriň gajetlerden peýdalanyp, çitterlige (tehniki enjamlardan peýdalanmak we beýleki düzgün bozmalar) gözegçilik etdi.

Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, her oýunça 3 minut, goşmaça her göçüme 3 sekunt wagt berildi. Bellenilen wagt aralygynda garşydaşyndan ýeňiji bolanlara bir utuk, oýny deňlik bilen tamamlanlara bolsa 0,5 utuk berildi.

Birnäçe günläp dowam eden ýaryş FIDE-niň kadalaryna laýyklykda, şweýsar ulgamy boýunça geçirilip, 18 döwden ybarat boldy. Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, halkara derejeli grossmeýster Maksat Atabaýew 17 utuk bilen birinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Saparmyrat Atabaýew 14,5 utuk bilen ikinji, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Şahruh Töräýew 12,5 utuk bilen üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňijilere ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň