Owganystan bilen bilelikde amala aşyrylan taslamalar boýunça brifing geçirildi

23:3016.01.2021
0
11290

Aşgabatda guralan brifing möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň ― Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, “Akina-Andhoý” beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, şeýle hem iki ugur - Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlandy.

Çärä ministrlikleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri hem-de 15 ýurtdan žurnalistleriň 30-dan gowragy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bu çärä goşuldylar.

Brifingiň dowamynda bu taslamalaryň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Owganystany sebit we halkara ykdysady işlere yzygiderli gatnaşdyrmaga, bu ýurduň yklymyň ulag-logistika aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen nobatdaky anyk ädimlerdigine aýratyn üns berildi.

Brifingde ýurdumyzyň Owganystana syýasy-diplomatik we ykdysady kömegi bermäge gönükdirilen ýörelgesiniň üýtgewsizdigi ýene bir gezek tassyklanyldy, munuň özi Türkmenistanyň bu döwlet bilen hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin bir bitewi strategiýasyny düzýär.

Şeýle-de brifingde Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Ahmad Tarik Nurzade, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu we beýlekiler çykyş etdiler.

Brifingiň jemleýji böleginde daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň, hususan-da «News Central Asia» (Pakistan), «TRT» (Türkiýe) we «Agence France Press» (Fransiýa) agentlikleriniň wekilleriniň, sowallaryna jogap berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň