Soňky habarlar

Arhiw

Didar Durdyýew «Kokand 1912»-niň düzüminde ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy

22:0516.01.2021
1
5612

Özbegistanyň «Kokand 1912» futbol toparynyň türgenleşiklerine goşulan milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Didar Durdyýew topary «Neftçi» bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy. Kokandlylaryň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlanan duşuşykda türkmenistanly hüjümçi ikinji ýarymda meýdana çykdy.

Duşuşyk Daşkent şäherindäki «Tekstilçi» stadionynda geçirildi.

Iň soňky gezek Özbegistanyň «Maşal» futbol toparynda çykyş eden Didar Durdyýewiň şertnamasy geçen ýylyň awgust aýynda ýatyrylypdy. Ol geçen möwsümde Özbegistanyň çempionatynda 5 duşuşyga gatnaşdy.

«Kokand 1912» Fergana welaýatynyň Kokand şäherine wekilçilik edýän topar. Topar geçen möwsüm Superligada bäşinji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň